“Akylly” sagatlary proýektora öwrer

244

“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy “akyl­ly” sa­gat­la­ry pro­ýek­to­ra öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa taý­ýar­la­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da has meş­hur bo­lup baş­lan “akyl­ly” go­şar sa­gat­la­ry­nyň funk­si­ýa­la­ry bar­ha art­ýar. Smart­fon­lar bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýän bu sa­gat­lar sag­lyk we sport bi­len bag­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len hem köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ryň sa­tu­wy aza­lan hem bol­sa, ge­çen ýyl bu sa­gat­la­ryň sa­tu­wy ýo­kar­lan­dy. Ko­reý bren­di bol­sa “Ga­laxy Watch” se­ri­ýa­sy­na de­giş­li sa­gat­la­ry üçin tä­ze pa­tent al­dy. Bu teh­no­lo­gi­ýa sa­ga­dyň ýü­zün­dä­ki mag­lu­mat­la­ry ek­ra­nyn­dan has uly bo­lan te­kiz­lik­de gör­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. My­sal üçin, ula­ny­jy­lar “What­sApp” ýa­ly söh­bet­deş­lik app­li­ka­si­ýa­la­ry­na ge­len wi­deo­la­ry haý­sy­dyr bir za­dyň ýü­zün­de gö­rüp bi­ler­ler.
Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ha­çan dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi hä­zir­lik­çe nä­mä­lim bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Ak­mu­ham­met Be­zir­ge­now, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by.