Baýramçylyklarda, şatlykly günlerde zenanlara berilýän iň gowy sowgat, megerem, gül çemeni bolsa gerek. Her bir zenan berlen arzyly sowdagyny soldurman saklamaga çalyşýar. Eýsem, owadan, hoşboý ysly ösümligi otag şertinde soldurman, nädip uzak wagtlap saklap bolar?! Tebigaty öwrenijileriň soňky geçiren tejribe synaglarynda güli «janly» saklamagyň täze usuly ýüze çykaryldy. Geliň, munuň nähili ýerine ýetirilýändigini öwreneliň!
Gerekli zatlar: gülüň sanyna görä ter kartoşka, aýlawly deşgiç, biraz ary baly, güldan we toprak.
Ilki bilen gülleriň çybygynyň ujuny gytaklaýyn kesmeli. Gülüň çybygy näçe gysga kesilse, şonça-da uzak wagt solman saklanmagyna ýardam edýär. Soňra aýlawly deşgiç bilen kartoşkalary ýarymyna çenli deşmeli. Ýöne deşgiç kartoşkanyň beýleki tarapyndan çykmaly däl. Şeýlelik bilen esasy serişdelerimiz taýýar boldy. Ondan soňra islege görä güldan alyp, ýarymyna çenli toprak guýmaly. Gülüň gytaklaýyn kesilen çybygyny bala batyryp, kartoşkanyň içine ornaşdyrmaly hem-de güldanda ýerleşdirmeli. Soňra kartoşkany ýarymyna çenli gum bilen gömüp, az mukdarda suw guýmaly. Bilermenler bu usuldaky syry kartoşkanyň düzüminde güli iýmitlendirmek üçin peýdaly maddalaryň bardygy hem-de suwuň we çyglylygyň köp mukdarda saklanýandygy bilen düşündirýärler. Wagtyň geçmegi bilen gül çybyklary kök urup gögerýär, kartoşka bolsa güli iýmitlendirip, topraga goşulyp gidýär. Bu usuly hem otag şertinde, hem açyk meýdanda ýerine ýetirip bilersiňiz.