Dubaýyň hökümeti uçýan taksi maksatnamasynyň gaýtadan başlandygyny habar berdi. Ilkinji gezek emirlikde uçýan ulagyň işe girizilmegi 2017-nji ýylda maslahatlaşylyp başlandy. Şondan soň ilkinji synaglar geçirildi.
BAE-niň Premýer-ministri we Dubaýyň emiri Mohammed bin Raşid Al-Maktum uçýan taksileri işläp düzmek maksatnamasynyň täzeden dikeldilýändigini mälim etdi. Emirligiň hökümeti taksileri 2026-njy ýyla çenli işe girizmegi wada berdi. Geljekde taslamanyň awtorlary taksileriň doly derejede sürüjisiz bolup biljekdigini belleýärler.
Uçýan EV-taksiniň nusgalygy 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasynda uçýan taksileriň işe girizilýändigini mälim eden “Joby Aviation” amerikan kompaniýasy tarapyndan hödürlendi. Ol akkumulýatoryň bir zarýady bilen sagatda 320 kilometr tizlikde 240 kilometrden gowrak ýoly uçup geçip bilýär. Emirligiň ýol we ulag edarasy resmi şertnama heniz gol çekilmändigini belleýär. “Joby Aviation” tarapyndan işlenip düzülen taksi golaýda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde görkezildi. Dubaýyň Emiri “Twitter” akkauntynda elektrouçaryň mahabatyny ýerleşdirdi.
Dubaý uçýan taksileriň gonmagy üçin howa menzilinde, şäher merkezinde, emeli Palma adasynda we Marina sebitinde dört sany “vertiports” gurmagy meýilleşdirýär. Her bir “vertiport” iki gonuş meýdançasyna we EV-taksi üçin zarýad beriji stansiýa eýe bolar.
Bahalar adaty taksilerden has gymmat bolmaly däl. Dubaýda taksi bilen gatnawyň iň pes bahasy, takmynan, 3,25 dollar, ýoluň her kilometri üçin bolsa 5 dollar alynýar. Deslapky hasaba görä, uçýan taksiler üçin bahalar adaty bilen deňeşdirilende 30% gymmat bolar. Uçýan taksiler Dubaýyň çalt ösýän ilatynyň köp awtoulag gatnawynda uly ýeňillik döredip biler. Şäheriň ýollarynda ýurduň beýleki alty emirliginden gelenleri hasaba almasaň, 1,8 milliondan gowrak ulag hereket edýär. “Uber”, “Airbus” we “Kitty Hawk” ýaly beýleki kompaniýalar eýýäm birnäçe ýyl bäri uçýan taksileri ösdürýärler, emma şu wagta çenli hiç bir kompaniýa köpçülikleýin önümçilige başlamady.