Meşhur britan çagalar ýazyjysy Roald Dalyň eserleriniň gaýtadan ýazyljakdygy mälim edildi. Ýazyjynyň “Çarliniň şokolad fabrigi”, “Matilda”, “Apet eýjejik döw” ýaly meşhur eserleri häzire çenli dürli dillere terjime edilip, köp halklaryň körpe okyjylaryna ýetirildi. 1916-1990-njy ýyllarda ýaşap geçen Dalyň eserlerindäki “çişik”, “kelte” ýaly sözler aýrylar. “Puffin” neşirýaty ýazyjynyň kitaplarynyň häzire çenli köpleriň göwnünden turup gelýändigine ünsi çekip, eserleriň düýpli üýtgedilendigini mälim etdi. “The Telegraph” neşiriniň habaryna görä, gahrymanlaryň daşky şekilini sypatlandyrmakda üýtgeşiklikler edilipdir. Eserdäki üýtgeşiklikleriň “Puffin” hem-de 2021-nji ýylda “Netflix”-iň 500 million funt sterlingine satyn alan “Roald Dahl Story Company” kompaniýasy tarapyndan girizilendigi aýdyldy.
Dalyň eserleriniň arasynda 250 million nusgalykdan hem köp satylany bolup, dünýäniň kitaby iň köp satylýan awtorlarynyň biridir.