Geçen ýylyň tomsunda dünýäniň dürli ýerlerinde adatdan daşary guraklyk hadysalary hasaba alyndy, Amerikada, Hytaýda we Ýewropada birnäçe derýanyň suwy azalypdy. Gyş pasly hem köp ýerde gurak geldi. Bu bolsa howdanlarynyň suwunyň azalmagyna getirdi. Italiýanyň syýahatçylyk babatda ösen ýeri bolan Wenesiýa şäherindäki kanallar hem gurap başlady. Kiçijik gaýyklary, täsin binagärligi bilen millionlarça syýahatçyny özüne çekýän kanallaryň käbir şahasynda gaýyklaryň suwsuz ýerde durandygyny görmek bolýar. Bilermenler mundan birnäçe hepdeläp ýagynsyz geçen gyşyň täsir edendigini belleýärler. Şeýle hem Alp daglaryna adatdakynyň ýarysy ýaly gar ýagypdyr. Aslynda köçeleriň ýerine kanallar bolan Wenesiýa şäherinde mahal-mahal gury ýerleri hem sil basýar. Häzir bolsa taksi hökmünde ulanylýan gaýyklar kanallaryň käbir şahalaryna, ýagny suwly şäheriň köçelerine girip bilmeýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, munda guraklyk bilen bir hatarda deňiz akymynyň, dolan Aýyň hem täsiriniň bardygyny belleýärler.
Öz gözbaşyny ýurduň demirgazyk günbataryndaky Alp daglaryndan alyp gaýdýan we Adriatik deňzine guýýan Italiýanyň iň uzyn derýasy bolan Poda adatdakysynyň 40 göteriminden hem az suw bar.
Geçen ýylyň iýul aýy Italiýada soňky 70 ýylyň iň gurak geçen iýul aýy bolupdy. Ýurduň oba hojalygynyň üçden bir bölegi Po derýasynyň basseýnine bagly bolup durýar.
Italiýanyň CNR ylmy-barlag institutynyň klimat boýunça bilermeni Massimiliano Paski 2020-2021-nji ýylyň gyşyndan bäri suw ýetmezçiliginiň bardygyna ünsi çekip, 50 günläp yzygiderli ýagyn ýaganynda adaty tebigy ýagdaýyň dikeljekdigine ünsi çekýär.
Ýurduň demirgazygyndaky Garda kölünde hem suwuň derejesi rekord derejede azaldy. Indi adamlar kölüň ortasyndaky San Býagio adasyna gaýyk bilen däl-de, ýöräp barýarlar.