Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji fewralda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrmagynyň barşynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagynyň döredilmek meselesine hem seredildi.
Şunda Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekip, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi. Şunda häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän tikinçilik, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy.
Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy göz öňünde tutulýan senagat zolagyndan ýer almaga isleg bildirýänleriň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýüz tutup biljekdigini habar berýäris. (tstb.gov.tm)
Habarlaşmak üçin: +99312 21-24-30/13
Esasy Telekeçilik Arkadag şäheriniň çäginde guruljak senagat zolagyndan ýer almak isleýänler TSTB-ne ýüz tutup...