22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Bahreýniň Patyşasynyň «Al Gudaýbiýýa» köşgündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi.
Ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi
Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Bahreýn üçin doganlyk, dostlukly ýurtdugyny nygtady we ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Şunda häzirki ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Bahreýn Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmak we netijelilik esasynda ösdürilýär. Şular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa, Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Salman bin Hamad Al Halifa hem-de Bahreýniň halkyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle-de Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy
Duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023–2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnama laýyklykda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bilelikdäki isleg göz öňünde tutulyp, Bahreýn Patyşalygy ýurdumyza şu merkeziň başlangyjynyň çäginde hyzmatdaş derejesini hödürleýär. Bu Şahadatnama türkmen tarapyna berildi.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, bu saparyň döwlet Baştutanymyzyň Bahreýne ilkinji saparydygyny belledi we geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda iki dostlukly halkyň taryhy-medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan, dürli ulgamlary öz içine alýan netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Bahreýniň Patyşasy 2019-njy ýylda Türkmenistanda bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, giň ugurlar, şol sanda, ykdysadyýet, söwda, energetika, azyk ulgamy, maýa goýumlar, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyry açýar hem-de onuň taryhynda şanly waka bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany Bahreýniň türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de bilelikdäki ysnyşykly işe taýýardyklaryny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, şu gün gol çekilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy.
Ýokary sylag gowşuryldy
Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa çykyşyny tamamlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna – Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi.
Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz mähirli garşylandygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, 1995-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklaryny görkezýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň 2019-njy ýylda ýurdumyza bolan saparynyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, hususy pudak boýunça gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi hem-de iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Bahreýniň işewür düzümleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum işini giňeltmek üçin oňat esas bolar.
Döwlet Baştutanymyz däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet we sport ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa – Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Bahreýniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Atçylygy ösdürmek meselesi
maslahatlaşyldy
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň «Safiriýýa» köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.
«Safiriýýa» köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.
Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, arap dünýäsiniň döwletlerinde-de gadymy döwürlerden bäri atçylyk bilen meşgullanylýandygy hemmelere mälimdir. Türkmenistanda bolşy ýaly, Bahreýnde-de bu däp bolan pudagy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Iki ýurduň halklaryny bedewlere bolan çäksiz söýgi, aýratyn gatnaşyklar birleşdirýär. Munuň özi bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de tejribe alyşmak üçin amatly şertleri döredýär.
Soňra Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimizi köşgüň çäginde ýerleşen atçylyk sport meýdançasyna çagyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin bedewleriň görkezilişi guraldy.
Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasy bilen bilelikde arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkeziliş sergisine syn etdi. Olaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleriniň bardygy hem bellärliklidir. Dostlukly ýurduň atçylyk pudagynyň taryhy hormatly Prezidentimiziň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi sowgat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli hoşlaşyp, türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.