Spor­tuň ça­ga­la­ra peý­da­sy

78

Ça­ga­la­ryň sag­dyn ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin sport bi­len meş­gul­lan­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, sport di­ňe be­den sag­ly­gy üçin däl, ru­hy we aň taý­dan ös­mä­ge hem ýar­dam ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­ze çyk­ýan ke­sel­ler ýa-da nä­hoş­luk­la­ryň kö­pü­si fi­zi­ki taý­dan he­re­ket­siz bo­lun­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de döreýär. Bu, esa­san, teh­no­lo­gi­ýa­nyň dur­mu­şy­my­za iş­jeň or­naş­ma­gy bi­len hem bag­lydyr. Se­bä­bi dür­li ýaş­da­ky adam­lar boş wag­ty­ny te­le­wi­zo­ryň, komp­ýu­te­riň ýa-da te­le­fo­nyň ba­şyn­da ge­çir­ýär. Bu hem fi­zi­ki he­re­ket­siz­li­ge, hem-de jem­gy­ýet­den üz­ňe bol­ma­ga ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li en­tek ki­çi ýaş­dan ça­ga­nyň uky­by­na gö­rä, haý­sy­dyr bir spor­ty pi­şe edin­me­gi bu me­se­le­le­ri ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Sport ça­ga­nyň ukyp­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na hem se­bäp bol­ýar. Şeý­le-de, sport bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga fi­zi­ki taý­dan güýç­li bol­ýar, öz üstüne jo­gap­kär­çi­li­k al­ma­gy we köp­çü­lik bi­len iş­leş­me­gi öw­ren­ýär.

Ke­rim SE­ÝIT­GU­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.