Finl­ýan­di­ýa­nyň “No­kia” kom­pa­ni­ýa­sy 2000-nji ýyl­lar­da te­le­fon önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lup, el te­le­fo­ny­nyň dün­ýä­de ýaý­ra­ma­gy­na iň köp go­şan kom­pa­ni­ýa di­ýil­se, öte ge­çil­di­gi bol­maz. Smart­fon­la­ryň, ýag­ny sen­sor­ly ek­ran­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len sa­tu­wy gör­ne­tin pe­se ga­çan kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da önüm­çi­li­gi­ni gaý­ta­dan art­dy­ryp baş­la­dy. Kom­pa­ni­ýa “No­kia C02” at­ly ar­zan ba­ha­ly smart­fo­ny­ny ta­nyş­dyr­dy. Hä­zir­ki wagt­da “HMD Glo­bal” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan bren­diň bu te­le­fo­ny­nyň ulu­ly­gy 5,45 dýuým we du­ru­ly­gy 854×480 pik­sel bo­lan LCD ek­ra­ny bar. 2 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da sel­fi ka­me­ra­sy we 5 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da esa­sy ka­me­ra­sy bar. 2 GB RAM-y we 32 GB iç­ki ýa­dy “No­kia C02”-niň ba­ha­sy­nyň 80 dol­lar­dan az bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.