Rimde geçýän daşky gurşawy goramak we suw gorlary boýunça ýokary derejeli ýedinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” maslahatynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda suw hem energiýa hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Daşky gurşaw ministrlikleriniň ýolbaşçylary we ekologlar, şeýle hem sebit ýurtlaryndan ylmy we önümçilik birleşikleri BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna we Pariž klimat şertnamasyna ygrarlydyklaryny mälim etdiler. Bu barada “Habar 24” saýty ýazýar.
Ýakyn ýyllarda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Merkezi Aziýadaky daşky gurşaw taslamalary üçin 150 million ýewro bölüp berer. Umumy meseleleri çözmek üçin diňe hyzmatdaşlyk etmek, toplanan tejribeleri alyşmak gerek diýip, maslahatda bellediler. Olaryň hatarynda täze tokaýlary döretmek, ýitip ýok bolup barýan görnüşleriň baş sanyny dikeltmek ýaly meseleler hem bar.