25-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş dra­ma te­at­ryn­da rus dra­ma­tur­gy Alek­sandr Wo­lo­di­niň pýe­sa­sy esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan “Hoş­la­şa­sym ge­le­nok” spek­tak­ly­nyň prem­ýe­ra­sy köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Ýur­du­my­zyň teatr muş­dak­la­ry, halk köp­çü­li­gi we ýaş­lar tä­ze spek­tak­lyň il­kin­ji to­ma­şa­çy­la­ry bol­du­lar. Spek­tak­ly re­žiss­ýor Me­kan Ju­ma­ba­ýew sah­na­laş­dy­ryp, bu onuň baş dra­ma te­at­ryn­da go­ýan il­kin­ji sah­na oý­nu­dyr. Oý­nuň sah­na be­ze­gi­ni Mak­sat Aman­gy­ly­jow, saz be­ze­gi­ni Şat­lyk Amann­ne­pe­sow, Eziz Sa­pa­row, Döw­let Kuw­wa­dow, yşyk be­ze­gi­ni Röw­şen Mä­ti­ýew ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir.
Söý­gü­dir aý­ra­lyk ba­ra­da­ky sah­na oý­ny il­kin­ji pur­sat­dan baş­lap, to­ma­şa­çy­la­ry özü­ne ben­di et­di. Has tä­sir­li we döw­re­bap goý­lan nus­ga­wy sah­na oý­ny mil­li äheň­ler bi­len baý­laş­dy­ry­lyp­dyr. Spek­takl wa­ka­la­ra baý: sah­na oý­nu­nyň do­wa­myn­da esa­sy gym­mat­lyk bo­lan maş­ga­la mu­kad­des­li­gi, we­pa­ly­lyk we söý­gi öňe sü­rül­ýär. Spek­takl­da­ky wa­ka­lar­da ýaş­lar bi­rek-bi­rek­den aý­ra ýa­şa­ma­ga dyr­jaş­ýar­lar. Ka­zy­ýet: aý­ra­lyk, du­şu­şyk, göz­ýaş we ýyl­gy­ryş sah­na oý­nu­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.
Bu spek­takl­da bir­nä­çe jü­büt aý­ry­lyş­mak ba­ra­da ka­ra­ra gel­ýär. Gül­künç hem-de gy­nan­dy­ry­jy sah­na­da dur­muş­da eme­le ge­len ýag­daý­lar se­bäp­li bi­ri-bi­rin­den göw­ni ge­çen Kat­ýa bi­len Mit­ýa­nyň söý­gü­si hiç ki­mi bi­parh goý­ma­ýar. Olar sah­na oýu­nyň do­wa­myn­da ha­ky­ky söý­gi­ni ýü­ze çy­kar­ýar­lar.
Ta­lap­kär ka­zy öňe çy­kyp, so­rag et­mä­ge baş­la­ýar. Ol ni­ka­la­ry­ny boz­mak is­le­ýän­ler ba­bat­da agyr ka­rar ka­bul et­me­li bol­ýar. Ka­zy aý­ry­lyş­mak mak­sa­dy bi­len özü­ne ar­za bi­len ýüz tut­ýan­la­ryň maş­ga­la öm­rü­ni uzalt­ma­ga ta­gal­la ed­ýär. Bir­de­nem tra­gi­ko­mik gap­ma-gar­şy­lyk­lar çyn­la­kaý me­se­le­le­re öw­rü­lip gid­ýär.
“Hoş­la­şa­sym ge­le­nok” bu Alek­sandr Wo­lo­di­niň meş­hur pýe­sa­sy­nyň üs­tü­ni tä­ze öwüş­gin­ler bi­len dol­dur­ma­ga sy­na­ny­şyk­dyr. Ze­hin­li re­žiss­ýo­ry­myz Me­kan di­ňe bir sah­na oý­nu­nyň dur­mu­şy ta­rap­la­ry bi­len çäk­len­män, akt­ýor­lar bi­len bi­le­lik­de aý­dyň, şa­dy­ýan sah­na­ny dö­ret­me­giň höt­de­sin­den ge­lip­dir. Sah­na­da­ky her bir gah­ry­man adam­la­ryň hä­si­ýet aý­ra­tyn­ly­gy­nyň sim­wo­ly­na öw­rül­ýär. Ar­tist­ler öz gah­ry­man­la­ry­nyň keşp­le­ri­ni aý­dyň ýü­ze çy­ka­ryp, ola­ryň baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry­ny bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Olar to­ma­şa­çy­la­ry wa­ka­la­ryň her bi­ri­ne gat­naş­ma­ga, aý­ra­ly­gyň, aý­ry­lyş­ma­gyň ajy­sy­ny çe­kiş­mä­ge atar­ýar­lar.
Ka­zy­ýet za­lyn­da gah­ry­man­la­ryň öz­le­ri­niň aý­ry­lyş­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri­ni gür­rüň ber­me­gi to­ma­şa­çy­lar­da aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­dy. Öz­bo­luş­ly ýa­rym ga­raň­ky yşyk be­ze­gi sah­na­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ry ha­ky­ka­ta has-da go­laý­laş­dyr­ýar. Spek­tak­la to­ma­şa edip otyr­kaň, ha­ma­la di­ýer­siň, ada­ty adam­lar sah­na çy­ka­ga-da me­se­lä­ni çöz­mä­ge gi­riş­ýän ýa­ly duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­ýär­siň. Hut şu in­çe we aý­dyň wa­ka­lar sah­na oý­nu­ny ýü­re­ge has-da ýa­kyn edip gör­kez­ýär.
Bu spek­takl gah­ry­man­la­ryň yk­ba­ly­na da­şyn­dan na­zar aý­la­ma­ga, ynam­syz­ly­gyň, ge­dem­li­giň nä­me­di­gi­ni duý­ma­ga, maş­ga­la­da ýü­ze çyk­ýan kä­bir dü­şü­niş­mez­lik­le­re ýyl­gyr­ma­ga se­bäp bol­mak bi­len bir­lik­de, iň so­ňun­da söý­gä bo­lan yna­my güýç­len­dir­ýär.
Re­žiss­ýor Me­kan Ju­ma­ba­ýew Alek­sandr Wo­lo­di­niň pýe­sa­sy­ny mil­li äheň­ler bi­len bi­len baý­laş­dy­ryp, öz­bo­luş­ly sah­na­laş­dyr­ma­gy has-da özü­ne çek­ýär. Sah­na oý­nu­nyň bü­tin do­wa­myn­da yn­sa­nyň öz yk­ba­ly­nyň oňyn we pes emir­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, söý­me­gi­ni do­wam et­dir­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Gah­ry­man­lar maş­ga­la­syn­dan daş­laş­ýar­lar, soň ökün­ýär­ler we iň so­ňun­da ýan­ýol­da­şy bi­len hoş­laş­ma­ly däl­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­ler. To­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni do­ly özü­ne çek­ýän bu sah­na oý­nu­nyň soň­ky bö­lü­min­de gah­ry­man­la­ryň iç­ki duý­gu­la­ry örboýuna gal­ýar.
Şeý­le-de sah­na oý­nun­da tans sun­ga­ty­nyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si gö­ze il­ýär. Oý­nuň ho­re­og­ra­fi­ýa­sy pýe­sa­nyň bi­te­wü­li­gi­niň we çe­per çöz­güt­le­ri­niň bi­ri bo­lup, ho­re­og­raf Tai­si­ýa Aly­ýe­wa­nyň ta­gal­la­sy ýe­ri­ne dü­şüp­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tist­le­ri Oraz­gel­di Dur­dy­ýew ka­zy­nyň, ar­tist­ler Ser­dar Ar­ty­kow Mit­ýa­nyň, Aý­na­bat Öwez­mäm­me­do­wa Kat­ýa­nyň keş­bi­ni us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di. Oý­nuň so­ňun­da esa­sy gah­ry­man­lar öz­le­ri­niň päk söý­gü­le­ri bi­len maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ni di­kelt­me­gi ba­şar­ýar­lar. Spek­tak­lyň öz­bo­luş­ly öwüş­gin­le­ri, wa­ka­la­ryň köp­lü­gi onuň ýa­kyn gün­ler­de bi­ziň teatr dur­mu­şy­my­zy has-da baý­laş­dyr­ýan ha­ky­ky sah­na ese­ri bol­jak­dy­gy­na do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ýe­gen­mäm­met TAÝ­LY­ÝEW, “Za­man-Türk­me­nis­tan”.