Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­de Mo­bil dün­ýä mas­la­ha­ty (MWC) öz işi­ne baş­la­dy. Dört gün­lük hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­li­şe dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­na­şyp, soň­ky ha­ryt­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny köp­çü­li­ge gör­kez­ýär. Ser­gä 2 müň­den gow­rak kom­pa­ni­ýa gat­naş­ýar. MWC-de mo­bil teh­no­lo­gi­ýa­lar, uç­ýan tak­si­ler, sa­mo­kat­lar, in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 5-nji nes­li­ne de­giş­li teh­no­lo­gi­ýa­lar gör­ke­zil­ýär. Bü­tin­dün­ýä GSM bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan (GSMA) gu­ral­ýan ser­gä dün­ýä­niň 200-den gow­rak ýur­dun­dan we­kil­ler gat­naş­ýar. Ser­gi­de “Hua­wei”, “No­kia”, “Ericsson”, “Xiao­mi” ýa­ly öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ägirt­ler has uly stend­le­ri bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Şeý­le hem wo­do­rod-elekt­rik ýan­gyç­ly gib­rid mo­to­sikl ýa­ly has tä­sin teh­no­lo­gi­ýa önüm­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny gör­mek bol­ýar.
Ser­gi­de “No­kia” bren­di tä­ze lo­go­sy­ny ta­nyş­dyr­dy.

In­di su­rat el te­le­fo­nyn­dan dü­şü­ril­ýär
“Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty ba­ra­da ha­bar ber­di. “Hua­wei XMA­GE Trend” at­ly mag­lu­mat­na­ma­da her ýyl dün­ýä­de 1,4 tril­li­on köp su­rat dü­şü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Ola­ryň 89 gö­te­ri­mi el te­le­fon­la­ry ar­ka­ly alyn­ýar. Mag­lu­mat­na­ma­nyň aw­tor­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan, jem­gy­ýe­ti öw­re­ni­ji Ni­kol Fer­nan­dez in­di su­ra­ta dü­şür­mek üçin şol ugur­dan so­wat­ly hü­när­men bol­ma­ga ze­rur­ly­gyň ýok­du­gy­ny bel­le­ýär.
Dür­li elekt­ron en­jam­la­ry­nyň ön­dür­ýän “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy hem iň so­ňy “AIoT”, ýag­ny Ji­sim­le­riň eme­li aňy­na de­giş­li soň­ky önüm­le­ri­ni gör­kez­di. Ola­ryň ara­syn­da güý­men­je pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Xiao­mi Buds 4 Pro”, “Xiao­mi Watch S1 Pro” we “Xiao­mi Electric Scoo­ter 4 Ult­ra” ýa­ly önüm­ler bar. “Xiao­mi Buds 4 Pro” smart­fo­ny ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky ses, mag­lu­mat ge­çi­riş tiz­li­gi we ýo­ka­ry du­ru­lyk­da su­ra­ta dü­şür­ýän ka­me­ra­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Te­le­fo­nyň ek­ra­ny hem çy­zyl­ma­ga we dö­wül­mä­ge gar­şy berk go­ra­lan­dyr.
“Xiao­mi Electric Scoo­ter 4” bol­sa, sa­gat­da 25 ki­lo­metr tiz­lik bi­len 25% ýap­gy­da hem aň­sat­lyk bi­len çy­kyp bil­ýär. Ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 70 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär.
“Seg­way” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa wo­do­rod-elekt­rik gib­rid mo­to­ry bi­len iş­le­ýän mo­to­sik­li bi­len köp­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Ýo­ka­ry tiz­li­gi 150 km/sa­gat bo­lan mo­to­sikl 0-100 ki­lo­metr tiz­li­ge 4 se­kunt­dan hem gys­ga wagt­da ýet­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýük we ýo­lag­çy gat­nat­mak­da ula­nyl­ýan uç­ýan ki­çi göw­rüm­li ho­wa ulag­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da hem uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ser­gi­de şä­her­ýa­ka gat­na­wy ama­la aşyr­ma­ga ni­ýet­le­nen tak­si­ler hem gör­kez­ýär.