Benzin arassalaýjy katalizator döredildi

131

Moskwa döwlet uniwersitetiniň himikleri benziniň kükürdini has netijeli arassalaýan täze katalizator işlenip taýýarlady. Rus hünärmenleri bu katalizator netijelilik babatda meňzeş analoglar bilen deňeçer, emma has arzan düşýär. Ylmy barlagyň netijeleri “ACS Omega” žurnalynda çap edildi.
Kükürtli ýangyçlaryň ýanmagy netijesinde zyýanly okisler bölünip çykýar. Şol sebäpli ýangyçdaky kükürdüň möçberi çäklendirilýär. Häzirki wagtda benzin we dizel ýangyjy adatça, gidro usulda kükürtden arassalanýar. Okuw mekdebiniň hünärmenleriniň taýýarlan usuly arkaly ýangyç has arzan bahaly maddalary ulanmak arkaly arassalanýar. Olar ýangyjyň düzümindäki kükürdiň möçberini 80 dereje gyzgynlykda 10 minutda 10 esse azaldýan katalizator işläp taýýarladylar. Laboratoriýa synaglary katalizatoryň täsirlilidigini tassyklady.

Kadyr Gurdow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.