Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi belli boldy

113
2M3X0MY Jurgen Klinsmann during a press conference at the Main Media Centre, Doha, Qatar. Picture date: Saturday December 17, 2022.

Katar 2022 Dünýä Kubogyndan soň portugaliýaly tälimçisi Paulo Bento bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmadyk Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Aziýa wekili germaniýaly meşhur hünärmen, ozalky ýyldyz futbolçy Ýurgen Klinsmanny tälimçilige belledi. Soňky gezek 2019/20 möwsüminde “Herta Berlin” klubuna tälim beren 58 ýaşyndaky Klinsmann 2026-njy ýylyň iýulyna çenli koreýlere tälim berer. Tälimçiniň täze wezipesindäki ilkinji synagy 24-nji martda Kolumbiýanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygy bolar. 2004-2006-njy ýyllarda Germaniýanyň, 2008/09 möwsüminde “Bawariýanyň” tälimçisi bolan Klinsmann 2011-2016-njy ýyllarda ABŞ-nyň ýygyndysyna hem tälim beripdi.