Ar­ly gy­şyň möw­ri­ti­ni pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­lan­ýan ba­ha­ra ge­çir­me­gi bi­len daş-tö­we­rek ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, da­ragt­lar pyn­tyk ýa­ryp, gun­ça­lar lä­le­zar­ly­ga öw­rül­di. Te­bi­ga­tyň jan­la­nyp, te­bi­gat gö­zel­lik­le­ri­niň şug­la saç­ýan pur­sat­la­ry top­rak bi­len bag­ry ba­da­şan ba­ba­daý­han­lar ekin meý­dan­la­ry­na çy­kyp, yh­las siň­di­rip bol ha­sy­lyň düý­bü­ni tut­ma­ga gi­riş­di­ler. Pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­lan­ýan ba­ha­ryň aja­ýyp gün­le­ri özü­niň aras­sa, my­la­ýym ho­wa­sy bi­len ja­na te­ne­kär bo­lup, zäh­me­te hy­juw, Wa­ta­na söý­gi dö­red­ýär.
Türk­men te­bi­ga­ty­nyň tä­sin­lik­le­ri­ni söz bi­len be­ýan edip, so­ňu­na çy­kar ýa­ly däl. Ýur­du­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­de ak­ly­ňy haý­ra­na goý­ýan tä­sin­lik­le­ri gör­mek bol­ýar.
Ba­har pas­ly­nyň şu gün­le­ri daş-tö­we­rek has-da gö­zel­leş­ýär. Gü­nüň nu­ru­na eý­le­nen tä­sin te­bi­gat ýaz­da üýt­ge­şik gör­nü­şe eýe bol­ýar. Gar­la­ry ere­dip, bu­lak­la­ry dö­re­den ba­har pas­ly öz gö­zel­li­gi­ni äle­me çaý­ýar. Äh­li pa­syl­la­ryň hem öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi, aý­ra­tyn öwüş­gi­ni bar. Ýö­ne ba­har pas­ly­nyň gö­zel­li­gi­ne taý gel­jek gö­zel­lik ýok­dur. Ba­har äh­li pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýar. Ba­har­da ba­ýyr­lar, düz­ler, giň säh­ra­lar ýa­şyl beg­re­se bü­ren­ýär. Agaç­lar pyn­tyk ýa­ryp, dün­ýä­niň owa­dan­ly­gy­na has-da görk ber­ýär.
Guş­la­ryň bir-bi­rin­den gal­ma­jak bo­lup saý­ra­ýyş­la­ry, sä­her bi­len asu­da­ly­gyň aý­dy­my­ny aý­dyş­la­ry diý­seň tä­sin. As­man­dan in­ýän ýa­gyş dam­ja­la­ry öz aky­my bi­len adam­la­ryň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dy­ryp, go­ja ze­mi­ne rys­gal-be­re­ket paý­la­ýar. Gö­zel te­bi­gat­ly owa­dan ba­har özü­niň tä­miz, ýal­kym­ly we aja­ýyp ho­wa­sy bi­len dün­ýä­mi­ze, ýü­rek­le­ri­mi­ze ara­laş­ýar.
Ba­ha­ryň her bir gü­ni, her pur­sa­dy owa­dan. Ba­ha­ryň ýü­rek­ler­de joş­gun dö­re­dip, jan­ly-jan­dar­la­ry, tu­tuş te­bi­ga­ty oýa­ry­şy owa­dan. Ba­har­da ze­mi­niň ýa­şyl beg­re­se bü­re­nip, oňa-da el­wan gül­ler­den keş­de çe­ki­şi owa­dan. Owa­dan ba­har her ge­zek ja­ha­na do­lan­da, tä­sin rö­wüş bi­len nur­lan­ýar. Bü­tin bar­ly­gyň duý­gu­lar dün­ýä­sin­de jan­la­nyp, te­bi­ga­tyň hä­si­ýe­ti yn­sa­nyň hä­si­ýe­tin­de şöh­le­le­nen bol­ma­ly. Gö­zel­li­giň sol­ta­ny bo­lan nä­zi­jek gül­ler ba­har pas­lyn­da has-da owa­dan gör­ke eýe bol­ýar­lar. Gö­ýä olar yn­san mäh­rin­den güýç al­ýan ýa­ly, ýaz şe­ma­ly­na ýu­waş­ja yg­şyl­dap, öwüş­gin at­ýar­lar. Da­şy­my­zy gur­şap alan ak, gy­zyl, sa­ry, gyr­my­zy gül­ler gö­zel­li­giň hem bag­tyň ny­şa­ny ki­min ys­la­ry­ny çar ta­ra­pa ýaý­rad­ýar­lar. Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ne dür­li öwüş­gin çaý­ýan ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si tä­sin­dir. Di­ýa­ry­my­zyň aja­ýyp te­bi­ga­ty türk­men­le­riň ru­hy dün­ýä­si bi­len saz­la­şan­dyr. Bu ha­ky­kat adam bi­len te­bi­ga­tyň ys­ny­şyk­ly, je­bis ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär. Yn­san te­bi­gat­dan, onuň gö­zel­lik­le­rin­den ru­hy lez­zet al­ýar.
Te­bi­ga­ty­my­zyň tä­sin gö­zel­li­gi her bir yn­sa­ny özü­ne ma­ýyl ed­ýär. Ba­har pas­lyn­da saý­rak guş­la­ryň ýa­kym­ly owaz­la­ry­ny eşi­dip ru­huň gö­te­ril­ýär. Dag­la­ryň ba­şyn­da­ky gar­la­ryň pa­gyş-pa­ra eräp, dum­ly-duş­da şil­di­räp aky­şy hem ba­har pas­ly­nyň gud­ra­ty­dyr. Ba­har­da parç bo­lan gül-gü­lä­lek­ler, ter­je ot­lar kal­by­ňy joş­dur­ýar. Ýa­şyl öw­süp pyn­tyk ýa­ran bag­la­ryň şa­ha­la­ry­ny syn­la­nyň­da sa­ňa aja­ýyp duý­gu­lar ýar bol­ýar. Ba­har pas­ly­nyň çab­ga­sy­ny göz öňü­ne ge­tir­mek diý­seň ýa­kym­ly. Ak çab­ga­lar ba­ha­ryň gö­zel­li­gi­ne has-da gö­zel­lik goş­ýar. Şol pur­sat­lar­da ýa­gyş-ýag­my­ryň şy­byr­dap ýag­şy­ny ýa-da çab­ga­dan soň jüm­le-ja­ha­nyň tä­ze öwüş­gi­ne eýe bol­şy, tä­miz­li­gi yn­san kal­by­ny jo­şa ge­tir­ýär.
“Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” ady­na eýe bo­lan 2023-nji ýy­lyň ba­ha­ry özü­niň hoş­tap ho­wa­sy bi­len kö­ňül­le­ri­mi­ze şat­lyk paý­la­ýar. Ge­çen oba ho­ja­lyk ýy­ly­ny aja­ýyp üs­tün­lik­le­re bes­län ba­ba­daý­han­la­ry­myz Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň now­ju­wan ba­ha­ry­ny ýo­ka­ry ru­hu­be­lent duý­gu­la­ry bi­len gur­şa­lyp, ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry ynam­ly ga­dam­la­ry­ny goý­du­lar.
Goý, bü­tin türk­men hal­ky­na mü­di­mi ba­ha­ry peş­geş be­ren pa­syl­lar sol­ta­ny teş­ne gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­syn.
Goý, pa­syl­lar sol­ta­ny ha­sap­la­nyl­ýan ba­har özü­niň my­la­ýym, hoş­tap­ly­gy bi­len so­wul­maz ýaz­la­ry ge­tir­sin.
Ba­ha­ryň her bir gü­ni yn­san kalp­la­ry­ny jo­şa ge­tir­sin.

Gu­wanç Şyh­my­ra­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­bi­ga­ty go­ra­mak jem­gy­ýe­ti­niň Le­bap we­la­ýat bö­lü­mi­niň uly gö­zeg­çi­si.