Ene diýlende biziň her birimiziň kalbymyzda söz bilen beýan edip bolmajak duýgular oýanýar. Şirin janyndan jan beren, bizi ýelden ýelpäp, günden gorap, iýmän iýdiren, geýmän geýdiren enelerimiz mukaddesdir. Biz enelerimiziň öňünde näçe baş egsegem az.. Şahyr “Dünýäniň bar görki enedir ene” diýişi ýaly dünýäniň ähli gowulyklary enelerimizde görýäris. Her güni işe, okuwa gidenimizde sag-aman baryp gel diýen ýagşy arzuwlaryny, gelenimizde sag-aman geldiňmi balam diýip aýdýan sözlerini eşideniňde dünýäniň bar aladasyny undup, özüňi bagtly duýýarsyň. Begenen wagtymyz begenen, gynanan wagtymyz saralyp-solýan enelerimizi söz bilen wasp edip aňrysyna ýeter ýaly däl.
Zenanlara bolan sylag hormat öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Çünki zenanlar öý ojagyň seresi, mukaddes ene, mähriban uýa. Zenanlarymyz nesil terbiýesinde maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy el işlerimizi dowam etdirmekde, geljek nesillere galdyrmakda aýratyn uly orny eýeleýär. Türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr. Zenanlarymyzyň döredýän eserlerini, Türkmen halylaryny, keşdelerini we beýleki el işlerini göreniňde olaryň ruhy dünýäsiniň baýlygy, köňül arzuwlarynyň gözelligi aýdyň görünýär. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde, geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr.
Bu günki gün türkmen zenanlary ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda şol sanda oba hojalygynda hem yhlasly we netijeli zähmet çekip, mähriban diýarymyzyň ähli taraplaýyn ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen zenanlary maşgalada, işde, durmuşda bahasyna ýetip bolmajak işleri ýerine ýetirýärler. Olar Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemekde, il halar adamlar bolup ýetişmekleri üçin gije-gündiz zähmet çekýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen zenanlarmyzyň sarpasy belent tutulýar. Olaryň çekýän halal zähmetlerine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen “Zenan kalby” ordeniniň, “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi bagtyýar gelejegimiziň sagdyn we ruhubelent neslini ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimize goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Şol Permana laýyklykda zenanlarymyz iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetde durmuşda gazanan uly üstünlikleri üçin “Zenan kalby” ordenini bilen sylaglanýar, her ýyly sekiz we şondan köp çagalary dünýä indiren enelerimize “Ene mähri” diýlen hormatly at dakylýar. Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmak döwletimiziň esasy aladasyna öwrüldi. Ene mähri diýlen hormatly at dakylan eneleriň maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugyň berilmegi, 2022-nji ýyldan başlap olaryň pensiýa ýaşynyň azaldylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýle hem her ýyly Halkara zenanlar güni mynasybetli pensioner ene-mamalarymyza, mekdebe çenli çagalar bagynda terbiýelenýän, okuwçy, talyp gyzlara, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgat pullarynyň berilmegi ýurdymyzda gelin-gyzlarymyzyň sarpasynyň belent tutulýandygyny alamatlandyrýar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli medeni çäreler ýurdymyzyň çar künjinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynda hem aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Geçirilýän baýramçylyk çärelere bagtyýar zenanlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri hem Köneürgenç etrabynyň “Altyn asyr” toý mekanynda geçirildi. Zenanlaryň hormatyna guralan çärede etrabymyzyň tanymal aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary, joşgunly tanslary giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkara zenanlar güni bilen ähli mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy mähirli gutlaýaryn. Bagtyýar döwrümiziň eşretli durmuşunda ýaşaýan biz zenanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Zenanlarymyzyň at-abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, etrap zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.