Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy.

Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Kongresler merkezine gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki duşuşygyň plenar mejlisinde çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Şu gün bu ýerde, Baku Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň syýasat, ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer ugurlarda ýokary derejedäki ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda bilelikdäki tagallalary edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.