Teatr gadymy sungatlaryň bi­ri bo­lup, 2500 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri adam­la­ra gül­ki-şat­lyk paý­lap gel­ýär. Sah­na oýun­la­ry­na to­ma­şa et­mek dur­mu­şy baý­laş­dyr­ýan we maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­ny je­bis­leş­dir­ýän iň aja­ýyp usul­la­ryň bi­ri­dir. Spektakla tomaşa etmek di­ňe bir lez­zet­li dynç alyş we gy­zyk­ly baş­dan­ge­çir­me bol­man, eý­sem, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si üçin hem peý­da­ly­dyr.
Sus­su­pes­li­gi aýyr­ýar. Bi­ler­men­ler gül­ki­niň iň oňat der­man­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li medeni çä­re­le­re gat­naş­ýan adam­lar­da sus­su­pes­lik we göw­nü­çök­gün­lik ýa­ly ýagdaýlar az ga­bat gel­ýär.
Beý­ni­ni iş­jeň­leş­dir­ýär. Sah­na oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän adam­laryň beý­nisi has iş­jeň ýag­daý­da bol­ýar. Se­bä­bi sah­na­da keş­bi jan­lan­dyr­ýan ar­tist­le­riň aýdýan söz­le­ri we he­re­ket­le­ri ba­ra­da­ky pi­kir­ler, ýag­ny wa­ka­lar beý­ni­den yzy­gi­der­li ge­çip dur­ýar. Şol se­bäp­li ça­ga­la­ry te­at­ra äkit­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ça­ga­la­ryň göz­ýe­ti­mi gi­ňäp, hy­ýa­ly oý­lan­ma­la­ry güýç­le­ner hem-de sun­gat bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp baş­la­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­rär.
Duý­gu­la­ry ös­dür­ýär. Teatr­da ki­no­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, ar­tist­le­riň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän keş­bi­ne we sah­na­da­ky wa­ka­la­ra jan­ly ýagdaýda to­ma­şa ed­ýäň. Sah­na oýun­la­ry hy­ýal­la­ryň ös­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gah­ry­man­lar bi­len ta­nyş­ýaň, olar bi­len söh­bet­deş bol­ýaň. Bu bol­sa ada­myň duý­gu­la­ry­nyň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär.
Ün­si güýç­len­dir­ýär. Teatr­da pi­kir tu­tuş sah­na gö­nük­di­ril­ýär. Sah­na­da­ky he­re­ket­ler göz bi­len yzar­lan­ýar hem-de beý­ni bi­len sel­je­ril­ýär. Bu ün­süň güýç­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ün­sü­ni jem­läp bilmeýän adam­la­ra sah­na oýun­la­ry­na to­ma­şa et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Jem­gy­ýet­çi­lik gatnaşyklaryny ber­kid­ýär. Te­at­ra dür­li ýaş­da­ky, dür­li kär­dä­ki adam­lar ýyg­nan­ýar we bi­le­lik­de sah­na oýun­la­ry­na to­ma­şa edil­ýär. Bu ýag­daý jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne ge­tir­ýär.