Gaýybana syýahat
Bu hakykatmy ýa-da düýş?! Bu sözler Çžanszýaýze milli seýilgähini ilkinji gezek synlaýan her bir syýahatçynyň geň soragydyr. Hakykatdan hem dag gerişlerinden ýasalan sungata meňzeýän Hytaýyň bu seýilgähi öňden tanyş bolmadyk adamy haýrana goýýar. Çžanszýaýze Hytaýyň günorta-günbatarynda, Hunan welaýatynyň Ulinýuan goraghanasynyň çäginde ýerleşýän milli seýilgäh bolup, Ulinşan daglyk ulgamyna degişlidir. 48,15 gektar meýdana barabar bolan Çžanszýaýze 1982-nji ýylda milli seýilgäh hökmünde ykrar edilýär. 1992-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen seýilgähiň peýzažynyň uzak ýyllaryň dowamynda ýagşyň köp ýagmagy, howanyň we çyglylygyň üýtgemegi bilen emele gelendigi çaklanylýar.
Täsirli başdangeçirmeler
Beýik, dik gaýalar (sütün) kwarsdan we daşlardan emele gelip, iň owadan gaýanyň beýikligi 1080 metre barabar. Hytaýlylar bu gaýany «Awatar-Hallelujah dagy» diýip atlandyrýan hem bolsa, syýahatçylar oňa «Awatar dagy» diýýärler. Seýilgähde 3 müňden gowrak gaýa bolup, olaryň üçden biri 200 metrden beýikdir. Seýilgähiň iň beýik nokady 1890 metre barabar bolan Doupeng dagy hasaplanýar. 2011-nji ýylda Týanmen dagynda batyr syýahatçylar üçin gaýanyň daşyndan aýlanyp geçilýän, uzynlygy 100 metr, ini 1,5 metr bolan täsirli pyýada ýodasy gurulýar. Aýna bilen örtülen 1400 metr belentlikdäki bu ýol dünýädäki iň ünsi çekiji ýerleriň biridir. Seýilgähiň iň owadan ýerleriniň biri hökmünde asman köprini (Zhangjiajie Grand Canyon) görkezmek bolar. 2016-njy ýylda açylan bu köpri dünýädäki iň uzyn we iň beýik pyýada aýna köpri hasaplanýar. Ýerden 357 metr belentlikdäki «1-nji tebigy köpri» hem diýlip atlandyrylýan «Grand Canyon»-yň ini 4 metr, uzynlygy 50 metr bolup, iki gaýanyň depesini birleşdirýär. Gaýanyň depesine çalt barmak üçin gurlan «100 aždarha lifti» (Bailong Lift) hem görenleri haýran edýär. Syýahatçylar aýna kapsulaly açyk lift bilen 330 metr belentlikdäki dik gaýa galyp, seýilgähiň täsin gurluşyny we özboluşly tebigatyny synlamaga mümkinçilik alýarlar. Syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýän «100 aždarha lifti» dünýädäki daglyk ulgamda gurlan iň beýik açyk lift hasaplanýar. Bulardan başga-da, seýilgähde birnäçe gowak, emeli Baofeng köli bar.
Ösümlik we haýwanat dünýäsi
Milli seýilgähde 3 müňe golaý seýrek ösümlik ösýär. Bu ýerde dünýäde seýrek duş gelýän kepderi agajyny, gingko we gyzyl agajy görmek bolýar. Sebitiň haýwanat dünýäsi hem köp görnüşli bolup, bu ýerde 500-den gowrak janly-jandar ýaşaýar. Olaryň arasynda maýmynyň seýrek duş gelýän görnüşleri, salamanderler hem bar.
Seýilgähden uzak bolmadyk ýerde Ulinýuan atly kiçijik şäher ýerleşýär. Çžanszýaýze milli seýilgähine gelen syýahatçylaryň aglabasy bu şäheriň myhmany bolýarlar. Syýahatçylar üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan bu şäherçede myhmanhanadyr restoranlaryň birnäçesi bar.