Çöregiň arasyna dürli iýmitler goýup garbanmak dürli medeniýetlerde diýen ýaly irki döwürlerden bäri gabat gelýär. Häzirki döwürde bolsa, sendwiçleriň dürli görnüşi bolup, iň meşhur tiz tagamlaryň biri hasaplanýar. Sendwiçler şol halkyň ýaşaýan ýerine, medeniýetine baglylykda dürli görnüşli çörekden taýýarlanýar. Horwatiýanyň syýahatçylara tagam maslahatlaryny berýän iňlis dilli “TasteAtlas” saýty dünýäniň iň gowy 100 sendwijiniň sanawyny taýýarlady. Sanawyň başynda Türkiýeden “Tombik döner” 4,7 bal bilen birinji boldy. Bu tagam ýuka çöregiň içine et goýlup taýýarlanýar. Çöregiň daşy kibirdäp duran bolsa, içi ýumşak. Onuň içine pomidor, sogan, işdäaçar ýapragy we beýleki huruşlar goşulýar. Ine, sanawa giren beýleki sendwiçler:
Butifarra, Peru. Gaýnadylan et, sarymsak, ýag, ajy burç we gyzyl burç taýýarlanan huruşdan taýýarlanan sendwiç bu ýurtda doglan günleriň we ertirligiň aýrylmaz tagamy hasaplanýar.
“Sandwich de lomo”, Argentina. Bu tagam çöregiň arasyna ýuka kesilen et, pomidor, sogan, işdäaçar ýapragy, gök otlar, et suwy, peýnir we ýumurtga ýaly dürli iýmitler salnyp taýýarlanýar. Sendwijiň bu görnüşi Urugwaýda hem ýaýran.
“Spiedie”, ABŞ. Nýu-Ýorka mahsus bolan bu tagam marinad edilen towuk ýa-da gyzyl etden taýýarlanýar.
Banh ma heo quay”, Wýetnam. Sendwiç gowrulan gyzyl etden, maýonezden, marinad edilen käşirden, hyýardan, koriandrdan we sogandan taýýarlanýar.
Leňňeçli sendwiç, ABŞ. Bu ýurda mahsus bolan leňňeçli sendwiç, bişen leňňeç etinden we eredilen mesgeden (sary ýag) taýýarlanýar. Oňa işdäaçar ýapragy, limon suwy we gara burç hem goşulýar.
“Choripan”, Argentina. Iň meşhur köçe tagamlarynyň biri hasaplanýan “choripan” büzmeç we guradylan ysly otlardan taýýarlanýar.
Skagen tosty, Şwesiýa. Adatça, gyssanmaç wagty garbanmak üçin taýýarlanýan bu sendwiç ak çöregiň arasyna, krewetka (deňiz leňňeçleriniň bir görnüşi), maýonez, gorçisa, forel balygynyň işbili, gök ot, limon we mesge bilen taýýarlanýar. Skagen tosty bir şahajyk gök we bir dilim limon bilen saçaga äberilýär.
Sanguche de mianesa, Argentina. Kotlet maýonez, pomidor, sogan we dogralan işdäaçar ýapragy bilen taýýarlanýar.
Arepa Andina, Wenesuela. Bu tagam Kolombiýanyň serhedine golaý bolan And sebitinde, esasan hem irki döwürlerden bäri bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilen ýeri hasaplanýan Merida şäherinde has meşhur. Bu tagama peýnir we pomidor hem goşulýar.