BP energiýa kompaniýasy Ispaniýanyň Kastellon de la Plana şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2 milliard ýewro maýa goýum özleşdirip, “ýaşyl” wodorod öndürer. 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriljek taslama bu ýerdäki bioýangyjyň önümçiligini üç esse artdyrmaga ýardam eder. Bu taslama desgada önümçilik amala aşyrylanda howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmaga hem ýardam eder. Zawodda suwdan wodorod öndürmek üçin gerek bolan energiýa gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden üpjün ediler.
“Ýaşyl” wodorod, esasan, howa zyýan ýetirmeýän awiasiýa ýangyjyny we bioýangyç öndürmekde peýdalanylar. Desgada 2030-njy ýyla çenli “ýaşyl” wodorod önümçiligi 650 müň tonna ýetiriler.
Arslan Baýramow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.