Kanadaly doganlar ene göwresinde iň az wagt galyp, dünýä inen ekizler hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Şakina Rajendram göwresinde 22 hepde 5 günlük ekiz bäbejikleri bilen bäbekhana baranda lukmanlar dünýä injek çagalarynyň ýaşamak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdypdyrlar. Wagtyndan 126 gün dünýä inen bu bäbekler golaýda bir ýaşyna girdiler hem-de rekord goýandygy baradaky şahadatnamany aldylar. Ekizleriň atasy Kewin Nadarajah dünýä inen wagty Adiah atly gyzynyň 330 gram, erkek dogany Adriahyň 420 gramdygyny habar berdi. Şeýlelikde bu bäbejikler jemi agramy 750 gram bolup, iň ýeňil ekizler hökmünde hem rekord goýdy.

Mundan ozalky rekord 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Aýowa ştatynda wagtyndan  125 gün ir doglan ekizlere degişlidi.