7-nji fewralda Ýewropanyň esasy syýahatçylyk sergisi hasaplanýan «ITB Berlin» öz işine başlady. Halkara gözden geçiriliş üç ýyldan soňra adaty usulda geçirilýär. 1966-njy ýyldan bäri geçirilýän sergi bu ýyl «Üýtgemek üçin açyl!» şygary bilen bellenilýär. Bu ýylky sergä Gruziýa resmi ýer eýesi hökmünde gatnaşýar. Däbe görä, her ýyl bir ýurt bu ýeriň resmi ýer eýesi hökmünde kabul edilip, sergi şol ýurt bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär. Şeýle bolansoň, şol ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri has köp tanyşdyrylýar. Gruziýa sergä «çäksiz myhmansöýerlik» şygary bilen gatnaşýar. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilýän gözden geçirilişde dünýäniň 161 ýurdundan 5 müň 500 kompaniýa we edara-kärhana öz harytdyr hyzmatlaryny tanyşdyrýar. 54-nji gezek geçirilýän sergi 5 gün dowam edýär. Sergide ýurtlar, myhmanhanalar, syýahatçylygyň dürli ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar, agentlikler öz harytlaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.
Oguljeren HALMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.