Italiýanyň ýokary tizlikli sport ulaglaryny öndürmegi bilen tanalýan «Lamborghini» kompaniýasy ilkinji gibrid ulagyny çykarjakdygyny mälim etdi. Muňa bagyşlanyp geçirilen dabarada ulagyň kuwwatynyň müň at güýjüne barabar boljakdygy habar berildi. Kompaniýa bu ulagy esaslandyrylmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän kuwwatly ulagyň 2028-nji ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar. Gibrid ulagyň adaty ýangyçly motory V12 bolar. Bu hereketlendiriji adaty V12-den 17 kilogram ýeňil, emma kuwwaty öňküligine galar. Şeýle hem elektrik energiýasy bilen işleýän üç sany hereketlendiriji bolar. Kompaniýa geçen ýyl «Aventador» atly V12 motor oturdylan ulagyny müşderilerine ýetiripdi.
Ýakupbeg Garrygulow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.