Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyran öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilmegi netijesinde, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna, önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň has-da kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Sanly ykdysadyýet esasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylýandygyny, bilim ulgamynda göni aragatnaşykda bilim bermek usulynyň işjeň ulanylýandygyny görkezýär.
Sanly ykdysadyýet ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Onda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.
2019-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we beýleki kanunlara esaslanyp, ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalar işjeň ornaşdyrylýar, sanly teleýaýlymlar alnyp görkezilýär, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary ösdürilýär we internetiň giň elýeterliligi üpjün edilýär. Programma-tehniki, maglumat serişdeleri we ulgamlary dürli döwlet edaralarynda – ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar.
Ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak sanly ykdysadyýetiň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Bu ugruň ösdürilmeginiň maksady sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekden, hünäre gönükdirmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, şonuň bilen birlikde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmekden hem-de bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Bu ugurda bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Şu jähetden seredilende, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy – häzirki zaman globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar.
Bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy bolsa degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga oňyn täsir eder.
Gaýypsähet ORAZSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň işgäri.