9-njy martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar.
Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şu gezekki duşuşyga abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu meseläniň aýratyn möhümdigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär.
Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi. Dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi bilen bir hatarda, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlary azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleri hökmünde nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri ikitaraplaýyn häsiýete eýedir. Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen köp wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydygy nygtaldy. Bu işler köptaraply bolup, halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şunda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, anyk netijeleri gazanmak üçin her bir ýurduň tagallasy uly ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň jemleri jemlenende, howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine uýgunlaşan durnukly oba hojalygyny ösdürmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga degişli dürli ugurlar boýunça pikir alyşmalaryň netijeli geçendigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, FAO ýaly BMG-niň iri düzüminiň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bar bolan uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça anyk teklipleri we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berer.
Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň degişli sebit düzüminiň arasynda sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.
Bu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda bu ugra degişli meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.