10-njy martda Milli halk gurultaýynyň birinji mejlisiniň delegatlary Si Szinpini Hytaýyň Başlygy wezipesine üçünji bäş ýyllyk möhlete gaýtadan saýlamak barada biragyzdan ses berdiler. Bu barada ýurduň “Sinhua” habar gullugy habar berdi.
Iýun aýynda 70 ýaşyny doldurjak Si Szinpiniň gaýtadan saýlanmagy 2018-nji ýylda Hytaýyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelerden soň mümkin boldy.
Şeýle-de geçen ýylyň oktýabr aýynda, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýyndan soň, Si Szinpin HKP-niň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine üçünji möhlete saýlanypdy.
Si Szinpin 1953-nji ýylda Pekinde Hytaýyň görnükli syýasy lideriniň maşgalasynda dünýä indi. 1974-nji ýylda Hytaýyň Kommunistik ýaşlar bileleşigine girdi we soňra uýezd we okrug derejesinde birnäçe partiýa wezipelerini eýeledi.
1999-2002-nji ýyllar aralygynda gündogardaky Fuszýan welaýatynyň häkimi, 2007-nji ýylda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzalygyna saýlandy we 2008-nji ýylyň mart aýynda HHR-iň Başlygynyň orunbasary boldy. Si Szinpin 2012-nji ýylyň noýabr aýynda HKP-niň Merkezi komitetiniň we HKP-niň Merkezi Komitetiniň Harby geňeşiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirdi we 2013-nji ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany we Hytaýyň Merkezi Harby Geňeşiniň başlygy wezipesini eýeledi.