Döwletjan Ýagşymyradow şu gije nobatdaky duşuşygyny geçirer

291

Şu gije, has takygy, ýarygijeden soň daňdanlara golaý ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky duşuşygyny geçiriler. “Bellator 292” ady bilen geçiriljek duşuşyklar agşamynda ildeşimiz litwaly Julias Anglikas bilen tutluşar. Tutluşyk ABŞ-nyň San-Hose şäherindäki “SAP-Center” arenada geçiriler.

32 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow şu wagta çenli “Bellator”-yň çäginde 3 duşuşyk geçirip, şolaryň 2-sinde garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Umumylykda ildeşimiziň karýerasynda 27 duşuşyk bolup, ol şolaryň 19-synda ýeňiş gazandy (7 ýeňliş, 1 deňlik).

31 ýaşyndaky Anglikas häzire çenli geçiren 13 duşuşygynyň 10-synda ýeňiş gazanmagy başardy.

“Bellator 292” ady bilen geçiriljek tutluşyklar agşamynyň çägindäki iň esasy duşuşyk Usman Nurmagomedow bilen amerikaly Benson Hendersonyň arasynda bolar.

“Bellator 292”-niň duşuşyklary “Showtime” tölegli teleýaýlymy arkaly görkeziler.