ABŞ-nyň «Deadline» žurnalynyň habar bermegine görä, argentinaly super ýyldyz Lionel Messi barada animasiýa filmi taýýarlanar. Esasan hem körpejelere niýetlenen bu animasiýa köp serialy bolup, ol «Sony» kompaniýasynyň garamagyndaky «Sony Music Entertainment» tarapyndan öndüriler. Animasiýada Messi wideo oýnunda kynçylyklara döz gelip, päsgelçilikleri geçmegi başarýan çaga hökmünde görkeziler. Messiniň Dünýä Kubogyny gazanmagy-da animasiýada öz beýanyny tapar. Häzirki wagtda taraplar ylalaşyk gazanyp, animasiýanyň ady, haçan we haýsy platformada ýa-da kanalda ýaýlyma beriljekdigi häzirlikçe belli däl. Animasiýanyň iňlis we ispan dillerinde, şeýle hem başga-da käbir dillerde boljakdygy bellenilýär.

Super ýyldyz Messi animasiýa barada: – Çagalygymdan bäri animasiýa seriallaryny gowy görýärin. Çagalarymam animasiýa gahrymanlaryny diýseň halaýar. Bir animasiýa taslamasynyň parçasy bolmak, meniň arzuwlarymyň birini amala aşyrmak, meni juda begendirýär. «Sony Music» kompaniýasyna sagbolsun aýdýaryn. Taslama hemmeleriň göwnünden turar diýip umyt edýärin – diýip, gürrüň berdi.