10-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler, hususan-da, ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.