“Bellator 292” ady bilen geçirilen MMA tutluşygynda ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň San-Hose şäherinde geçirilen tutluşykda türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow litwaly Julian Anklikasy ýeňlişe sezewar etdi. 3 raundlap dowam eden tutluşykda türkmen pälwany eminleriň bir agyzdan gelen netijesi boýunça – 30:27, 30:27, 30:27 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. Şunlukda, Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator”-daky 2-nji, umumylykda karýerasy boýunça-da 20-nji ýeňşini baýram etdi. Döwletjanyň karýerasynda 7 ýeňlişi bolup, onuň bir duşuşygy-da deňlikde tamamlandy.