10-njy mart­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­ny­lan çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 17 — 23-nji mar­ty ara­ly­gyn­da ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy. On­da bir­leş­mä­niň dür­li ugur­da iş alyp bar­ýan 200-den gow­rak ag­za­sy öz önüm­le­ri­ni hem-de şu ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­ke­zer. Şeý­le hem bu se­nä ga­bat­la­nan mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de dur­ýan tä­ze we­zi­pe­ler, hu­su­san-da, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” hu­su­sy ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça kes­git­le­nen çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, 2023-nji ýyl­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len ser­gi­le­riň, ýar­mar­ka­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň, fes­ti­wal­la­ryň sa­na­wyn­da göz öňün­de tu­tu­lan bu ser­gi­niň hem-de mas­la­ha­tyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we wi­se-prem­ýe­re bu çä­re­le­ri ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.