Kino sungatynyň iň abraýly, iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklary gowşuryldy. 95-nji gezek geçirilen Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy hemişekiler ýaly Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda guraldy. Komediýaçy Jimmi Kimmeliň alyp baran dabarasyna kino sungatynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Olar bu gezek adatça gyzyl halydan däl-de, sarymtyl reňkli halydan geçişlik bilen başlanan 3 sagat 40 minutlap dowam etdi.
Dabarada iň gowy film baýragyna ýylyň iň köp baýrakly kinolaryndan “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi laýyk görüldi. 11 ugurdan dalaşgär görkezilen film 7 heýkeljik gazanyp, dabaranyň iň köp baýrakly kinosy boldy. “A24” studiýasynyň önümi bolan bu ekran eseri baş baýrakdan başga-da Oskaryň esasy baýraklaryny hem gazanmagy başardy. Filmi surata düşüren Daniel Kwan bilen Daniel Şeinert iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandylar. Olar iň gowy režissýor baýragyny iki bolup alan 3-nji jübüt bolup, ondan öň Robert Waýz bilen Žerom Robbins ikisi (“Westsaýdyň hekaýasy”, West Side Story –1961 ) hem-de doganlar Joel we Itan Koenler (“Garry erkeklere orun ýok”, No Country for Old Men 2007) ikisi Oskar gazanypdy. “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminde surata düşen artistleriň 3-si Oskara laýyk görüldi. Başgaça aýdylanda, film 4 artistçilik ugrunyň 3-sinde heýkeljigi eýelemegi başardy. Iň gowy aktrisa baýragyna filmiň ýyldyzy Mişell Ýeo laýyk görlüp, ol bu baýragy alan ilkinji aziýaly zenan hökmünde taryha girdi. Şeýle-de, ol Halle Berriden soň iň gowy aktrisa ugry boýunça Oskar alan akýagyz bolmadyk 2-nji aktrisa boldy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa ugurlarynda filmiň artistleri, degişlilikde Ke Jonatan Kwan hem-de Jeýms Li Kurtis Oskara mynasyp görüldi. Film bu 5 baýrakdan başga-da iň gowy asyl ssenariý hem-de iň gowy montaž baýraklary bilen sylaglandy. Filmiň ssenarisini režissýorlaryň özleri bilelikde ýazyp, ekran eserini Pol Rojers montaž etdi.
Dabaranyň 2-nji iň köp baýrakly filmi Germaniýanyň önümi – “Frontuň günbatarynda täzelik ýok” filmi bolup, Edward Bergeriň surata düşüren ekran eseri iň gowy halkara film, iň gowy saz, iň gowy operator hem-de iň gowy çeperçilik bezegi baýraklaryna laýyk görüldi. Filmiň sazlaryny düzen Wolker Bertelmann ilkinji Oskaryny gazanmagy başardy.
95-nji Oskar dabarasynda 1-den köp 3 film baýrak gazanyp, şolaryň soňkusy “Kit” kinosydyr. Bu filmde keşbi üçin Brendan Freýzer iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Filmiň beýleki baýragy-da iň gowy makiýaž we saç bezegi ugry boýunça boldy.
Iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragy bilen “Gürrüňdeş zenanlar” filminiň ssenarisini ýazan, şol bir wagtyň özünde filmiň režissýory hem bolan Sara Polli sylaglandy. Gillermo Del Toronyň Buratinosy atly multfilmiň iň gowy animasiýa diýlip saýlanan agşamynda “Nawalnyý” atly ekran eseri iň gowy dokumental filmi baýragyny gazandy. Leýdi Gaga, Rihanna ýaly aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlaryndan öňe saýlanan RRR hindi filmindäki “Naatu Naatu” atly aýdym iň gowy aýdym baýragyna laýyk görüldi. Ýylyň iň köp girdeji gazanan 2 filmi – “Awatar: suwuň ýoly” iň gowy wizual effektler, “Topgan: Mawerik” bolsa iň gowy ses ugry boýunça Oskara mynasyp boldy. “Marvel”-iň önümi bolan “Gara Pantera: Wakanda hemişelik” kinosy-da iň gowy grim baýragyny gazandy. Filmiň grimçisi Rut E. Karter “Gara Pantera” filminden soň 2-nji gezek Oskar baýragyny eýelemegi başardy.
95-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
Iň gowy film: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Iň gowy režissýor: Daniel Kwan, Daniel Şeinert – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Iň gowy aktýor: Brendan Freýzer – «Kit» (The Whale)
Iň gowy aktrisa: Mişell Ýeo – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Ke Jonatan Kwan – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Jeýms Li Kurtis – «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once)
Iň gowy asyl ssenariý: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once) – Daniel Kwan, Daniel Şeinert
Iň gowy adaptirlenen ssenariý: «Gürrüňdeş zenanlar» (Women Talking) – Sara Polli
Iň gowy animasiýa: «Gillermo Del Toronyň Buratinosy» (Guillermo del Toro’s Pinocchio) – Gillermo Del Toro
Iň gowy halkara film: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front) – Edward Berger (Germaniýa)
Iň gowy dokumental film: «Nawalnyý» (Navalny)
Iň gowy gysga göwrümli film: «Irland hoşlaşygy» (An Irish Goodby)
Iň gowy gysga göwrümli dokumental film: «Jadylaýjy pil (The Elephant Whisperers)
Iň gowy gysga göwrümli animasiýa: «Oglanjyk, körsyçan, tilki we at» (The Boy, the Mole, the Fox and the Horse)
Iň gowy saz: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front) – Wolker Bertelmann
Iň gowy aýdym: «Naatu Naatu» – RRR – M. M. Kerewaani, Çandrabose
Iň gowy ses: «Topgan Mwawerik” (Top Gun: Mawerick) – Mark Weingarten, Jeýms H. Mater, Al Nelson, Kris Burdon, Mark Teýlor
Iň gowy çeperçilik bezegi: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front) – Kristian M. Goldbek, Ernestin Hipper
Iň gowy operator: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front) – Jeýms Frend
Iň gowy makiýaž we saç bezegi: «Kit» (The Whale) – Adrien Morot, Judi Çin, Enn Mari Bredli
Iň gowy montaž: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once) – Pol Rojers
Iň gowy grim: «Gara Pantera: Wakanda hemişelik» (Black Panther: Wakanda Forever) – Rut E. Karter
Iň gowy wizual effektler: «Awatar: suwuň ýoly» (Avatar: The Way of Water) – Jou Letteri, Riçard Banehem, Erik Saindon, Daniel Barrett