Pandemiýa döwründe elektrik enjamlaryň önümçiliginde we awtoulag senagatynda ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy bu ugurdaky maýa goýumlary görnetin artdyrdy. Maglumatlara görä, 2021-2023-nji ýyllarda 84 çip önümçilik desgasynyň gurluşygyna başlanypdyr. Şu ýylyň dowamynda bolsa, 28 sany täze çip zawodynyň gurluşygyna başlanýar.
Çip önümçiliginde Taýwanyň TSMC, ABŞ-nyň “Intel” we “Qualcomm” kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. 2021-2023-nji ýyllarda guruljak çip zawodlary üçin 500 milliard dollar maýa goýum özleşdirilýär. 2021-nji ýylda 23, geçen ýyl 33 çip zawodynyň gurluşygyna başlandy. Bu ugurdaky taslamalara hökümetler hem goldaw berýär. Çip senagatyny ösdürmäge ABŞ 50 milliard dollar, Ýewropa Bileleşigi ýurtlary 40 milliard ýewro goldaw berer.
Soňky ýyllarda Hytaýda 20, ABŞ-da 18, Ýewropada 17, Taýwanda 14, Ýaponiýada 6, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda 6 we Günorta Koreýada 3 täze çip zawodynyň gurluşygyna başlanypdyr.
Kuwwat Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









