Çip üçin maýa goýumlar görnetin artdy

90

Pan­de­mi­ýa döw­rün­de elekt­rik en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gin­de we aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji ýet­mez­çi­li­gi­niň ýü­ze çyk­ma­gy bu ugur­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry gör­ne­tin art­dyr­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2021-2023-nji ýyl­lar­da 84 çip önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyp­dyr. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa, 28 sa­ny tä­ze çip za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ýar.
Çip önüm­çi­li­gin­de Taý­wa­nyň TSMC, ABŞ-nyň “In­tel” we “Qualcomm” kom­pa­ni­ýa­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. 2021-2023-nji ýyl­lar­da gu­rul­jak çip za­wod­la­ry üçin 500 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ril­ýär. 2021-nji ýyl­da 23, ge­çen ýyl 33 çip za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Bu ugur­da­ky tas­la­ma­la­ra hö­kü­met­ler hem gol­daw ber­ýär. Çip se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge ABŞ 50 mil­liard dol­lar, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry 40 mil­liard ýew­ro gol­daw be­rer.
Soň­ky ýyl­lar­da Hy­taý­da 20, ABŞ-da 18, Ýew­ro­pa­da 17, Taý­wan­da 14, Ýa­po­ni­ýa­da 6, Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da 6 we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da 3 tä­ze çip za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyp­dyr.

Kuw­wat Gur­ba­now, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.