Şol gün paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi.
Metjide gelende, Gahryman Arkadagymyz şu waka bilen baglylykda ýörite Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň din wekillerini mähirli mübärekledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýän ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, hut ruhy-ahlak däplerimiziň we dinimiziň umumylygy iki doganlyk halkyň kyn pursatlarda birek-birege goldaw bermegini şertlendirýär.
Weýrançylykly ýertitremäniň köp sanly pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözleri, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.
Türkiýeli myhmanlar şehit bolanlaryň hatyrasyna bildirilýän hormat üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de sadaka we oňa çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.
Din wekilleri mukaddes Gurhanyň aýat-sürelerini okadylar hem-de şehit bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagy barada dileg etdiler.
Sadaka başlamazdan ozal, hajy Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, berkarar döwletimizde her günümiziň şanly wakalara, döwletli işlere beslenýändigini belledi. Paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň binalarynyň düýbüniň tutulmagy hem muny doly tassyklaýar.
Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Biz hem şol gadymy ýolumyzy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirýäris. Gurluşygyna başlanan binalar adamlara şypa bermekde, olaryň derdine em etmekde, saglygyny goramakda örän möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň gurluşygynyň bu ugurdan baý tejribesi bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanylandygyny belläp, türk halkynyň Türkmenistana «Ata Watan, ata ýurdum» diýýändigine ünsi çekdi. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda iki dogan halk, iki döwlet hemişe birek-biregi goldap gelýär.
Bilşimiz ýaly, Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitreme köp sanly adam pidalaryna, agyr ýitgilere getirdi. Bu örän agyr tebigy betbagtçylyk biziň ählimizi gynandyrdy. Türkmenistan hem ilkinjileriň hatarynda bu ýurda doganlyk goluny uzatdy. Türkmen halkynyň adyndan doganlyk Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi, ýagny ilkinji nobatda zerur bolan serişdeler iberildi. Bu bolsa doganlyk ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän uly hormatyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, zerur wagtynda birek-birege söýenişmek, ýardam bermek, birek-biregi goldamak biziň halklarymyzyň umumy asylly däbidir.
Hajy Arkadagymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine, dürli ugurlarda birek-birege goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şol agyr günlerde Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekilleri bilen gynanjyny paýlaşdy we duýgudaşlyk bildirdi. Şonda öten-geçenleriň hatyrasyna sadaka beriljekdigi barada aýdyldy.
Oraza aýynyň öň ýanyndaky günlerde bolsa doganlyk Türkiýede bolup geçen hasratly ýertitremede şehit bolanlary hatyralap, Hezreti Omar metjidinde sadaka berilýär, aýat-töwir edilýär.
“Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň jaýy jennet bolsun! Allatagala olara iman baýlygyny bersin!” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsinden aýat-töwir edip bermegini sorady.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Tagam dadylandan soň, aýat-töwir edildi.