Orta asyrlarda Samarkant bütin Gündogarda özüniň kagyzlary bilen şöhratlanyp, onuň önümçiligi VII asyrda Hytaýdan getirilipdir. Bu senediň syrlary unudylyp, häzir ÝUNESKO-nyň ýardamy bilen ýaňadandan dikeldildi. Şu günki günde geçmişde belli bolan samarkant kagyzlary gadymy usulyýet bilen Samarkandyň etegindäki Konigil gyşlagynda döredilen ýörite kagyz ussahanasynda gaýtadan öndürilýär.
Bu ýerde önümçilik abzallary geçmişdäki ýaly Siab derýasynda gurlan suw çarhlary arkaly herekete getirilýär. Ussahanada birnäçe asyr mundan ozalky ýaly ýaňadandan dikeldilen gadymy tehnologiýalar arkaly öndürilýän samarkant kagyzlarynyň taýýarlanyş usullary bilen doly tanyşmak mümkin. Bagdatda ilkinji kagyz kärhanasy Samarkantda ilkinji kagyz önümçiligi ýola goýlandan ýarym asyr soňra peýda bolupdyr. Şol döwürlerde samarkant kagyzlary özüniň ýokary hili bilen müsür kagyzlaryndan hem tapawutlanypdyr.
Özbek şahyry, akyldary we alymy Alyşir Nowaýy kagyza “Akyldarlaryň pikirlerini dünýä ýaýýan ganatlar” diýip, baha beripdir. Kagyzy hytaýlylar miladydan 71 ýyl öň, oýlap tapypdyrlar. Ilki onuň önümçiliginde ýüpek ulanylypdyr. Kagyz taýýarlamagyň umumy ýörelgeleri gadymy Hytaý ýazgylarynda doly beýan edilipdir.
Şonuň ýaly hem bambugyň ýaş baldaklaryndan, tut agajynyň gabygyndan, söwütden we kenepden kagyz taýýarlanypdyr. Hytaýlylar kagyz üçin niýetlenen materialy soky daşa salyp, maýdalap kül edipdirler. Düýbi ownujak gözenekli çarçuwa bolsa, kagyzy belli bir görnüşe getirmäge hyzmat edipdir. Çarçuwa biraz mäjumdan guýlup, süýümiň ýaýrap, belli bir gatlagyň emele gelmegi üçin ony sandyradypdyrlar. Suwy sarkyp, ownuk gözenekde çyg kagyz gatlagy galypdyr. Ony usullyk bilen alyp, tagtanyň ýüzüne ýazypdyrlar we Günde guradypdyrlar. Soňra kagyz gatlaklaryny agaçdan edilen basgyç bilen gysypdyrlar.
Kagyz sahypalarynyň taýýarlanyşy uly döwlet syry hökmünde gizlinlikde saklanypdyr. Ýöne her niçikde bolsa, 610-njy ýylda kagyzyň syry Koreýa we Ýaponiýa eltilýär. 650-nji ýylda Hytaýyň kagyz kärhanasyndan gaýdan işçiler bu işi Samarkantda ýola goýupdyrlar. Samarkand ýa-da Horasan kagyzy zygyrdan taýýarlanyp, bu iş has-da öňe ilerläpdir. Netijede, bu kagyzlar ýazuw işlerinde ulanmak maksady bilen Orta Aziýanyň bazarlaryna giňden ýaýrap başlapdyr.