Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäginde Milli Liderimiz Türki döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy we bu mejlisde taryhy söz sözledi. Mejlisde başga-da birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ýürekdeşlik, göwündeşlik ýaly asylly häsiýetleri häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ynsanperwer goldawyny bermek, dostuňa kyn gününde, agyr pursatda dostluk goluny uzatmak biziň mizemez ýol-ýörelgämizdir. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer ýardam» bermek atly nobatdan daşary mejlisde: «Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda, ýagny 6-njy fewralda Türkiýede betbagtçylyk boldy. Ýertitremede müňlerçe adam pida boldy. Bu betbagtçylykda şehit bolanlaryň yzy ýarasyn, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Şikes ýetenler hem şypa tapyp, çaltrak sagalsyn» diýip, bellemegi hemdemlik babatdaky ebedi ädimlerimiziň ýaýbaňlandyrylýandygynyň ýene bir ýola subutnamasydyr.

Mejlisde Milli Liderimiz öz çykyşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ýangyç-energetika ugurda birnäçe hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça parasatly başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar mejlise gatnaşan ýolbaşçylar tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Häzirki wagtda Türkiýäniň iri kompaniýalary ýurdumyzda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz aýtmak bilen, dek düýnüň özünde paýtagtymyzda birbada üç sany – Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, stomatologiýa we halkara pediatriýa merkezleriniň gurluşygynyň türk doganlarymyza ynanylmagyny bellemek gerek. Bu dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňdigini, hyzmatdaşlygyň köpugurlydygyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan bu gezekki iş sapary hem halklary has-da jebisleşdirer, ösüşiň täze gözýetimlerini açar.