Polşaly astronom Nikolaý Kopernigiň Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygyny öňe süren ilkinji neşiri indiki aýda satuwa çykarylar. Eser azyndan 2,5 million dollara satylar diýlip garaşylýar. Nikolaý Kopernigiň latynça ýazylan “De Revolutionibus orbium coelestium”, (“Asman jisimleriniň aýlanyşy barada”) atly kitaby 1543-nji ýylda çap edilýär. Kitap Galileo Galileý ýaly geljekki alymlara ýol açyp, astronomiýanyň bu ugruny ösdürmäge kömek etdi.
Şol döwürde bu kitap jedelli meselä öwrülipdir. Alym tarapyndan döredilen, planetalaryň Günüň daşyndan aýlanýan Gün ulgamynyň geliosentrik modeli, Ýeriň hemme zadyň merkezinde durýandygy baradaky köne taglymata ters gelýär. Kitabyň ilkibaşda 500 nusga taýýarlandy, ýöne 1616-njy ýylda Watikan ylmy işi bökdäp, diňe iki asyr soň rugsat berdi.
Häzirki wagtda dünýäde, ilkinji neşiriň 277 töweregi bolup, olaryň köpüsi muzeýleriň, kitaphanalaryň we beýleki edaralaryň eýeçiligindedir. Kitabyň diňe birnäçe nusgasy hususy eýeçilige degişli bolup, onuň satylýan ýagdaýlary gaty seýrek. Kitap 27-30-njy aprelde geçiriljek Nýu-Ýork halkara gadymy kitaplar ýarmarkasyna çykarylmagy meýilleşdirýär. 2008-nji ýylda şuňa meňzeş nusga auksionda 2,2 million dollara satylypdy.
Auksiony gurnaýjylarynyň tassyklamagyna görä, kitabyň bu nusgasy oňat saklanypdyr. – Abat saklanyp galan kitaby tapaýmak aňsat iş däl. Bu diýseň ajaýyp nusga – diýip, “Sophia Rare Books” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Kristian Westergard aýtdy. Kopernigiň bu işi barada aýdylanda bolsa, bu nusganyň ýeke-täk “kemçiligi” takmynan XVIII asyrda çalşylan sahaby hasap edilip bilner.