Şu gün ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin na­hal ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ýaz­ky möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Bu öz­bo­luş­ly eko­lo­gik çä­re paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta­syn­da, dag ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de ge­çi­ril­di.
Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ba­dal­ga be­ril­jek ýe­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy çä­rä gat­na­şy­jy­lar mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň joş­gun­ly aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­ny­na ýaş nes­liň we­ki­li ba­ryp, bag ek­mek da­ba­ra­sy­na ak pa­ta ber­me­gi ha­ýyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz il­kin­ji agaç na­ha­ly­ny oturt­mak bi­len, ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi­ne ak pa­ta ber­di. Çä­rä gat­na­şy­jy­lar hem bu asyl­ly dä­be eýer­di­ler. Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy da­şa­ry ýurt­ly we­kil­le­ri-de özü­ne çe­kip, ýyl-ýyl­dan ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­ýär. Oňa Di­ýa­ry­my­zyň se­bit­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry hem uly ru­hu­be­lent­lik­de go­şul­dy­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek we to­kaý zo­lak­la­ry­nyň çä­gi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýyl dür­li bag­la­ryň we üzü­miň je­mi 3 mil­li­on düý­bü­ni ek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol na­hal­la­ryň 1,5 mil­li­on düý­bi şu ge­zek­ki ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­min­de otur­dy­lar.
Şu gün köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­sy türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň çä­gin­de hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze we­la­ýat mer­ke­zi­niň de­giş­li kün­jek­le­ri­niň bag-bak­ja­ly­ga bes­len­me­gi bu ýer­de ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň eme­le gel­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.