Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sa­ud Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Eb­ra­him Rai­sä Er-Ri­ýad şä­he­ri­ne res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da ça­ky­lyk iber­di. Bu ba­ra­da Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň sy­ýa­sy me­se­le­ler bo­ýun­ça kö­mek­çi­si Mu­ham­met Jem­şi­di ha­bar ber­di.
-Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man ben Ab­de­la­ziz Al Sa­ud Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Eb­ra­him Rai­sä ibe­ren ha­tyn­da iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry di­kelt­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma­ny gut­lap, Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti­ni Er-Ri­ýad şä­he­ri­ne res­mi sa­par bi­len ge­lip gör­mä­ge ça­gyr­dy – di­ýip Jem­şi­di aýt­dy.
Ol mo­nar­hyň iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy we se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­gyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Täh­ra­nyň Er-Ri­ýa­dyň ça­ky­ly­gy­ny gol­da­ýan­dy­gy we iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge taý­ýar­dy­gy bel­le­nil­ýär. On­dan öň, Eý­ra­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Hu­seýn Amir Ab­dol­la­hi­ýan iki ýurt al­ty ýyl­lyk ara­kes­me­den soň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­dir­mek ba­ra­da yla­la­şan­dan soň Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da­ky kär­de­şi bi­len ýa­kyn wagt­da bol­jak du­şu­şy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Eý­ran we Hy­ta­ýyň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­na­ty mart aýy­nyň ba­şyn­da mä­lim edil­di. Be­ýa­nat­da Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ara­çyl­ly­gy ar­ka­ly Eý­ran bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze­den ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy ba­ra­da şert­na­ma gol çe­ki­len­di­gi halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di.