Günbatar Ýewropadaky Lýuksemburgda üç ýyldan bäri jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz hyzmat edýär. Dünýäniň iň gurply ýurtlarynyň biri bolan Lýuksemburgda şäheriçi awtobuslar ýerli ýaşaýjylar üçin hem, turistler üçin hem tölegsiz. Ýurtda hemme kişiniň diýen ýaly şahsy awtoulagy bar. jemgyýetçilik ulagynyň tölegsiz bolmagynyň sebäbi hem adamlaryň jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmagyny höweslendirmekden ybarat. 2020-nji ýylyň 1-nji martynda bu ýurt dünýäde ilkinji bolup, jemgyýetçilik ulagyny tölegsiz edipdi. Ýolagçylaryň jemgyýetçilik ulagyny münmekleri üçin hiç hili bilet almak ýa-da haýsydyr bir kart bilen töleg etmek talap edilmeýär. Bu hyzmat diňe ýurduň 640 müň ilaty üçin däl, eýsem, her ýyl bu ýurda syýahata barýan millionlarça syýahatçy üçin hödürlenýär. Şeýle hem Belgiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly goňşy ýurtlarda ýaşaýanlar Lýuksemburga gatnap işleýärler. Tölegsiz hyzmatdan olar hem hoşal. Ýurtda şähere daşyndan gelýänleriň öz ulagyndan düşüp, jemgyýetçilik ulagyna münmeklerini üçin goşmaça awtoduralgalar gurlupdyr.