Amerikaly dag lyžaçy zenan Mikaela Şiffrin rekord üstüne rekord goýmagyny dowam edýär. Ol ilki şu ýylyň ýanwar aýynda watandaşy Lindis Wonna degişli Dünýä Kubogy ýaryşlarynda iň köp ýaryşda ýeňiş gazanan zenan türgen rekordyny täzeläpdi (83). Soňra şwesiýaly Ingemar Stenmarkyň 86 ýeňişlik rekordyna şärik bolan Şiffrin Şwesiýanyň Are şäherinde geçirilen ýaryşda 87-nji ýeňşini gazandy. Bu ýeňişden soň ol dag lyžasy boýunça Dünýä Kubogynyň çäginde iň köp ýeňiş gazanan türgen boldy. 28 ýaşyndaky lyžaçy Andorrada geçirilen ýaryşda 88-nji birinjiligini gazanyp, hem öz rekordyny ösdürdi, hemem başga ugurlarda täze rekordlar goýdy. Ol Andorrada geçirilen ýaryşda gigant slalomda ýeňiş gazanyp, bu ugurda 21-nji gigant slalom birinjiligini eýeledi we şweýsariýaly Wreni Şneideriň rekordyny öz adyna geçirdi. Mikaela Şiffrin şol bir wagtyň özünde 138-nji gezek ýeňiş münberine çykyp, bu ugurda-da rekordy täzeledi. Bu babatda ozalky rekord Lindsi Wonna degişlidi (137 gezek).

Şiffrin gazanan 88 ýeňşiniň 53-i slalomda, 21-si gigant slalomda bolup, ol downhill görnüşde 3, Super gigant görnüşde 5, garyşyk görnüşde 1 hem-de parallel görnüşde-de 5 gezek ýeňiji bolmagy başardy.