Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Hy­un­dai Mo­tor” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rou­lag­la­ra zar­ýad ber­ýän, eme­li aň bi­len iş­le­ýän ro­bo­ty iş­läp taý­ýar­la­dy. ACR at­ly ro­bo­tyň 31-nji mart­dan 9-njy ap­rel ara­ly­gyn­da ýur­duň paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­jek “Seoul Mo­bi­li­ty Show” ser­gi­sin­de gör­ke­zil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu ro­bot zar­ýad be­ke­di­ne ge­len elekt­rou­la­ga ka­be­li bi­rik­dir­ýär we zar­ýad be­rip bo­lan­dan soň­ra ony çy­ka­ryp, ga­pa­gy­ny ýap­ýar. Eme­li aň bi­len iş­le­ýän ro­bot ulag do­ly du­ran­dan soň­ra, zar­ýad por­ty­ny aç­ýar we 3D ka­me­ra­sy ar­ka­ly ula­gyň ýe­ri­ni anyk kes­git­le­ýär. ACR ga­raň­ky­da hem iş­läp bil­ýär. Elekt­rou­lag­la­ra zar­ýad ber­ýän ka­bel­ler ýo­gyn bo­lan­soň, agyr bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, esa­san, ze­nan­lar üçin bu ro­bot­lar has uly ýe­ňil­lik dö­re­der.
Ro­bo­tyň ulag­la­ry ta­na­ma­gy we he­läk­çi­li­giň öňü­ni al­ma­gy üçin la­zer­li sen­sor­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar.

Ka­ka­gel­di Ka­ka­ba­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.