Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri, pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi.
Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda eden nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala, wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.
Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr. Akyldar şahyr agzybirlik taglymatyny öňe sürmek bilen, berkarar döwlet gurmak arzuwlaryny beýan edýär. Şeýle çuňňur pikirleri özünde jemleýän şygyrlar bolsa halkyň dilinde nakyllara öwrülýär, ganatly jümle hökmünde il arasynda aýdylýar. Şahyryň köp goşgularynyň ýaşlara terbiýe bermekde aýratyn orny eýeleýändigini şu setirlerinden hem görmek bolýar.
Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,
Özüňi sen özgelere göz etgil,
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,
Ne bar manysyz söz uzamak bilen.
Beýik söz ussadynyň şygyrlary ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle edep-terbiýe, ylym-bilim bermekde ygtybarly çeşme, taýsyz gollanma bolup durýar. Şahyryň her bir setiri, her bir sözi ýaş nesli watançylyk ruhunda, ynsanperwer, jogapkärçilikli, zähmetsöýer, bilesigeliji, bilime, ylma we hünäre höwesli ýaşlar hökmünde terbiýelemekde, bagtyýar durmuşa taýýarlamakda uly mekdepdir. Şahyryň şygyrlary edep mekdebi, beýik medeniýetdir. Biz häli-şindi gürrüňçil adamlaryň «Magtymguly Pyragy şeýle diýipdir» diýen sözlerine gabat gelýäris. Şahyryň nakyla öwrülen, paýhasa ýugrulan ganatly setirleri halkyň ömür hakydasyndan çykmaýar.
Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Merkezi Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy türkmeniň ýeke-täk milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow «XVIII asyr beýik Magtymgulynyň asyry» diýipdi. Şol sebäpli Magtymgulynyň döredijiligi tutuş Merkezi Aziýa, Gündogar, galyberse-de dünýä halklarynyň poeziýasynyň altyn hazynasyna girdi diýmäge doly esas bar.
Merkezi Aziýa syýahata gelen Wamberi türkmenleriň Magtymgula hormatyny şeýle beýan edipdir: «Islendik jedelli mesele ýüze çykanda, şol meselede Magtymguly işanyň goşgusyndan delil tapsalar, hemme oturanlar Magtymgulynyň pikiri öz pikirlerine garşy bolsa-da, ikirjiňlenmezden ony çözgüt hökmünde kabul edipdirler». Dogrudanam, halkymyzyň Magtymgula hormaty çäksiz bolupdyr. Şonuň üçinem ata-babalarymyz akyldar şahyrymyz hakyndaky gürrüňdir-rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetipdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmakda netijeli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek baradaky başlangyç ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna şatlyk nuruny çaýýar.
Soňky ýyllarda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Bu bolsa akyldar şahyryň ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly pikirleriniň, pelsepewi garaýyşlarynyň ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýändigini beýan edýär. 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günortasynda akyldar şahyryň 60 metr beýiklikdäki täze ýadygärliginiň gurluşygy soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatyna däl, eýsem, dünýä edebiýatyna hem goşant goşan söz ussadydyr.
Arazbike Söýünowa,
«Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň Poçta daşaýan bölüminiň operatory, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.