Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolup, Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy. Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmenistan döwletimiziň ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýan guramalarynyň biri-de Türki Döwletleriň Guramasydyr.
Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna hem yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar. Hut şu maksatlar bilen, 2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi we geçen ýyl Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde hem Türkmenistana bu guramada synçy derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi.
Türkmen halkyny TDG-ä agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi. Bu gezekki sammit adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Türkmenistan özara kömek bermegiň, ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däplerine ygrarly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk Türkiýe Respublikasynda emele gelen tebigy betbagtçylyk baradaky habara çaltlyk bilen seslendi we dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüklerini iberdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna türkmen zenanlarynyň adyndan Türkiýe Respublikasyna tebigy betbagtçylykdan ejir çeken çagalar üçin niýetlenen ynsanperwerlik kömegi iberildi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan doganlyk döwlete lukmanlary we saglygy goraýyş işgärlerini ugratmak, tebigy betbagtçylygyň netijesinde ýykylan binalary söküp aýyrmakda, adamlary halas etmekde kömek bermek baradaky çözgüt kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, biziň Garaşsyzlygymyzy ilkinji bolup goldan türk doganlarymyz boldy diýip belledi. Gahryman Arkadagymyz iki doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini bellemek bilen, türk işewürleriniň ýurdumyzda amala aşyran iri göwrümli taslamalaryna hem sanlar bilen ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi. Aşgabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany durmuş ähmiýetli binanyň düýbi tutuldy. Bu gurluşyklary amala aşyrmak hem türk işewürlerine ynanyldy we mundan beýläk-de şunuň ýaly işleriň türk işewürlerine ynanyljakdygy nygtaldy. Umuman, biziň ýurdumyzy Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletler bilen köpasyrlyk umumylyklar birleşdirýär.
Ogulşat ŞYHYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.