Hy­taý­ly hü­när­men­ler ula­nyş­dan ga­lan­dan soň­ra daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­me­ýän, aň­sat­lyk bi­len çüý­re­ýän aý­na oý­lap tap­dy­lar. Bio­lo­gik bir­leş­me­ler­den eme­le ge­len bu ma­te­ria­ly gaý­ta­dan hem iş­läp bol­ýar. Ýur­duň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­na de­giş­li Gaý­ta­dan iş­le­mek in­že­ner­çi­li­gi ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň bu işi ba­ra­da­ky ma­ka­la «Sciences Advances» žur­na­lyn­da çap edil­di. Bu usul­da bio­lo­gik bir­leş­me­ler gyz­dy­ryl­ýar we so­ňun­dan aşa so­wuk su­wuk­ly­gyň için­de ga­tal­dy­lyp, aý­na alyn­ýar. Bu aý­na­nyň te­bi­gat­da aň­sat­lyk bi­len çüý­re­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.
Bio­mo­le­kul­ýar aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan aý­na­nyň şe­kil ýasamak üçin amat­ly­dy­gy we op­ti­ki hä­si­ýet­le­ri­niň hem go­wu­dy­gy mä­lim edil­di.

Di­dar AN­NA­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.