Geljek ýylyň tomsunda geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryna badalga berlip, 3 toparçada birnäçe duşuşyklar geçirildi. “J” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lihtenşteýni kabul edip, 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda gollary Žoao Kanselo (8), Bernardo Silwa (47) hem-de Kristiano Ronaldo (51 p, 63) geçirdi. Iki gezek tapawutlanan Kristiano Ronaldo milli ýygyndydaky gollarynyň sanyny 120-ä ýetirip, öz rekordyny özdürdi. Şeýle-de, bu duşuşyk Ronaldonyň milli ýygyndydaky 197-nji oýny bolup, ol bu babatda-da dünýä rekordyny goýdy. Ol kuweýtli Bader Al-Mutawadan öňe saýlanyp, milli ýygyndyda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy boldy. Ýeri gelende aýtsak, Ronaldo ýaly 38 ýaşyndaky Bader Al-Mutawanyň şu gün rekorda täzeden şärik bolmagy-da mümkin. Şeýle-de, Ronaldo milli ýygyndynyň çäginde resmi duşuşyklardaky 100-nji goluny geçirip, bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Bassyr 2004-nji ýyldan bäri, ýagny kalendar senenmasy boýunça 20 ýyldan bäri milli ýygyndyda gol geçirip gelýän Ronaldo 47-nji başga ýygyndynyň (Lihtenşteýn) derwezesinden hem gol geçirmegi başardy.