Tehasda dünýäniň ilkinji 3D usulyndaky myhmanhanasy gurlar. Bu myhmanhanany Aýda we Marsda jaý gurmak üçin NASA bilen ylalaşan kompaniýa ugurar. Kompaniýa bu taslamany ilki Ýerde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
“Icon” atly kompaniýanyň gurjak myhmanhanasy birnäçe uly binadan ybarat bolup, içinde howuz, hammam we studiýa bolar. myhmanhana Tehasdaky El Kosmiko atly gurak ýerde gurlar. Myhmanhanalary dolandyrýan “Liz Lambert” şereketiniň ýolbaşçylyk edýän taslamasyny durmuşa geçirmäge BIG (Bjarke Ingels Group) binagärlik kompaniýasy hem goldaw berer. Binalaryň reňki hem çölüň reňkine meňzeş bolar.
ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy “Artemis” maksatnamasynyň çäklerinde Aýa adamly syýahaty ýola goýmak isleýär. Ýeriň hemrasynda hemişelik bekedi döretmek isleýän edara munuň üçin aragatnaşyk, gurluşyk we beýleki ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Balkan Orazdurdyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









