Ösümlikleriň adam gulagynyň eşitmeýän sesini çykarýandygy üze çykaryldy. “The Cell” ylmy žurnaly çap edilen makalada ösümlikleriň sessiz jandarlar däldigi bellenilýär. Tel Awiw uniwersitetiniň tebigy bilimler fakultetiniň dekany, professor Lilaç Hadani sese jogap berýän örän köp organizmiň bardygyny belleýär. Professor şu sebäpden ösümlikleriň hem ker we laldygyny pikiri etmegiň dogry däldigini aýdýar. Barlagyň çäginde professor mundan 6 ýyl ozal laboratoriýada ultrasonik mikrofon arkaly kaktusyň sesi ýazga alypdyr.
Hadani munndan ozal ösümlikleriň yrgyldy emele getirendigini, emma munuň howada ses tolkunyna öwrülýändigini subut edýän deliliň bolmandygyny aýdýar. Şol sebäpli Hadani öz topary bilen ses geçirmeýän akustik gutularyň içinde ösümlikleriň sesini almaga synanyşypdyr. Barlagyň çäginde gutularyň içine 20-250 kilogers aralygyndaky sesi duýup bilýän ultrasonik mikrofonlar hem-de pomidor şitillerini ýerleşdirilipdir. Soňra bolsa käbir ösümlikleriň käbir şahajyklaryny kesipdirler, käbiri nahallara suw berilmändir we käbirine kadaly seredilipdir.
Soňra enjamlar adamyň eşidip bilmejek derejede pes – 40-80 kilogerts aralygyndaky sesleri ýazga alypdyr. Ylmy topar bularyň mekgejöweniň ýarylýan wagtynda sesine meňzeşdigini belleýär. Şeýle hem botanikler azar gören ösümlikleriň has köp ses çykarýandygyny belleýärler.
Ýeňiş Myradow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









